DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti “Zenanlaryň bütindünýä sammiti -2025” gatnaşdy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pekinde geçirilen gatnaşdy. «Zenanlaryň bütindünýä sammiti – 2025» atly halkara foruma gatnaşdy.

Sammitiň «Umumy geljek: zenanlaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze we tizleşdirilen tapgyry» diýen mowzugy astynda geçirilen mejlisinde çykyş eden O.Berdiliýewa, Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda bilim, saglygy goraýyş, ylym, ykdysadyýet we döwlet dolandyryşy ýaly ulgamlarda zenanlar üçin deň mümkinçilikleri döretmek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri hökmünde, jemgyýetde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak, gender deňligini öňe sürmek we maşgalanyň institutyny berkitmek boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýar.

Öz çykyşynda O.Berdiliýewa türkmen zenan telekeçilerine berilýän goldaw, oba ýerlerinde durmuşa geçirilýän taslamalar, ýaş hünärmen zenanlara bilim we hünär taýdan ösüşde kömek bermek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem belläp geçdi. Türkmenistanda zenanlaryň täze  – ynamly, bilimli, watançy we dünýä açyk ruhda terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlykda 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrundaky Gün tertibiniň, hususan-da, 5-nji maksadynyň – gender deňligini üpjün etmegiň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýandygyny hem nygtaldy.

Şu ýyl Pekinde geçirilen Zenanlaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä maslahatynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şol maslahata dünýäniň dürli künjeginden müňlerçe zenan gatnaşyp, Pekin Jarnamasyny we Hereketleriň Platformasyny kabul edipdiler. Bu resminama dünýäniň ähli ýerindäki zenanlaryň meselelerini ýüze çykarmak we olaryň çözgüt ýoluny görkezmek bilen, ýurtlaryň köpüsinde, şol sanda Türkmenistanda hem zenanlaryň ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň güýçli itergisi bolup hyzmat etdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistan Tbiliside töleg boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy