DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrasiýasy meselelerine bagyşlanan forumyna gatnaşdy

Ženewada Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) baş edarasynyň binasynda Aziýa Ösüş Banky (AÖB) bilen bilelikde guralan «CAREC sebiti we köptaraplaýyn söwda ulgamy: Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda integrasiýany çuňlaşdyrmak» atly ýokary derejeli forum geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Forumda eden çykyşynda B.Ýalakow Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna tapgyrlaýyn integrasiýasynyň ähmiýetini belläp, milli kanunçylygyň BSG kadalaryna laýyk getirilmeginiň hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň berkitilmeginiň ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde ileri tutulýan ugurlardygyny nygtady.

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy bolup geçdi. Duşuşykda Türkmenistanyň BSG-a girmegi boýunça alnyp barylýan işler, agza döwletleriň tejribesiniň öwrenilmegi, şeýle hem halkara hyzmatdaşlar tarapyndan tehniki we maslahat goldawynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy ýurduň BSG bilen gatnaşyklaryny berkitmekde, daşary ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmekde we onuň bähbitlerini sebit hem-de halkara ykdysady işleriň çäklerinde ilerletmekde möhüm ädim boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi