JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Siçuan welaýatynyň Çendu şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” görnüşindäki daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar gatnaşyjy ýurtlaryň umumy bähbitleri üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek nukdaýnazaryndan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny bellediler.

Duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň çäginde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa we Hytaý döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Sebitleýin we global gün tertibinde birnäçe halkara meselelerinde pikir alyşmak geçirildi.

Diplomatlar munuň bilen birlikde, işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny goramak we giňeltmek, energiýa we ulag aragatnaşygyny üpjün etmek üçin esasy ugurlar bolan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň ýakyn wagtda geçiriljek ikinji sammitine taýýarlyk, syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy giňeldilen formatda dowam etdi.

Ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň arasynda uzak möhletli parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, syýasy, söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň zerurlygyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, hormat goýmak derejesindäki dialog medeniýetiniň ýurtlar bilen halklaryň arasyndaky ynamy we parahatçylygy has-da berkitmek üçin esas döredýär.

Duşuşygyň netijesinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitleýän Jemleýji resminama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-UNIDO:2026-2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip düzüler

Rabab Fatima Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokayr baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri