DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti «Global Rail 2025» atly Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary Ministri Mämmet Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen «Global Rail 2025» halkara sergisiniň we maslahatynyň işine gatnaşmak üçin iş saparynda boldy.

Serginiň halkara taslamalary pawilýonynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi öz halkara taslamalary we ulag babatynda öz şekil taslamalary bilen tanyş etdi.

Çäräniň birinji gününde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen «Etihad Rail Company» jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama dabaraly ýagdaýda gol çekildi.

Bu Ähtnama daşary ýurduň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän demir ýol taslamalary durmuşa geçirmekden ybarat bolup, taraplaryň bilelikdäki özara gatnaşyklary, iki döwletiň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmakdan, özara peýdaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmekden ybarat bolup durýar. Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi, iki döwletiň demir ýol edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esas bolup, daşary ýurtda durmuşa geçiriljek taslamalara gerek bolan maýa goýumlary çekmek meselesinde ulgamlaýyn işleri geçirmek üçin mümkinçilikleri berer.

Soňra «Etihad Rail Company» jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory Şadi Malak bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary ýurtda durmuşa geçiriljek demir ýol taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy we bu taslamalaryň möhümligi barada belläp geçildi. Şadi Malak şu ýylyň oktýabr aýynyň birinji ýarymynda «Etihad Rail Company» ýolbaşçylarynyň Türkmenistana iş saparyna barmaklygy meýilleşdirýändigi barada habar berdi we Türkmenistanyň we BAE-niň gatnaşyklarynyň demir ýol pudagynda ýokary derejede alnyp barylýandygy hem-de gysga wagtyň dowamynda uly üstünlikleri gazanandygy barada bellenip geçildi.

Şeýle-de «Global Rail» halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministriniň Demir ýol ulaglary boýunça orunbasary Mohammed Işak Sahibzade bilen Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Owgan tarapy Turgundy demir ýol menzilinde gurulýan ammarlar toplumynyň işleriniň işjeň alnyp barylýandygyny belläp, türkmen tarapyna öz hoşallygyny beýan etdi. Soňra Owganystanyň Turgundy-Hyrat demir ýol taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu taslama ilki bilen ynsanperwer häsiýete eýe bolup, onuň durmuşa geçirilmegi Hyrat welaýatynyň millionlarça ýaşaýjylaryny elýeterli azyk önümleri we ilkinji zerurlyk harytlary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de, bu taslama diňe bir Türkmenistanyň we Owganystanyň ulag ulgamynyň ösüşi üçin däl, tutuş Merkezi Aziýa üçin hem strategik ähmiýete eýedir.

Saparyň ahyrynda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň BAE-niň Abu Dabi Ösüş gaznasynyň Baş direktorynyň orunbasary Raşed Mohamed Al Kaabi bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda demir ýol taslamalaryny maliýeleşdirmek mümkinçilikleri hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Jenap Al-Kaabi Türkmenistanda durmuşa geçirilýän infrastruktura başlangyçlaryna goldaw bermäge gyzyklanma bildirip, ýurduň ulag-logistika ugrundaky mümkinçiliklerine oňyn baha berdi.

Ýene-de okaň

Afrika Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar

Ata Watan Eserleri

Germaniýada Turkmenistanyň ykdysadyýet günleri: 12 ähtnama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-inde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň medeniýet ministri ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Koreýa Respublikasynda GGGI-yň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy