DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 19-23 oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) 16-njy sessiýasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

20-nji oktýabrda N.Agahanow plenar mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň açyk, özara bähbitli hem-de durnukly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine ygrarlydygyny nygtady, şeýle hem ösüp barýan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini belledi.

Şol gün türkmen wekiliýeti ÝUNKTAD-yň Baş sekretary Rebekka Grinspan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda sanly söwda ulgamynyň ösdürilmegini, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegini we ählumumy üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝUNKTAD-yň 16-njy sessiýasynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti birnäçe duşuşyklary we çäreleri geçirdi. Şolaryň arasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (LLDC) boýunça geçirilen panel ara alyp maslahatlaşmalar we maslahatlar bar. Olaryň netijeleri boýunça ministrler ulag we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi baradaky bilelikdäki beýanaty kabul etdiler.

Mundan başga-da, Ženewa bitaraplyk merkeziniň, Şweýsariýanyň Birleşen söwda edarasynyň (JCC) hem-de Halkara söwda merkeziniň (ITC) wekilleri bilen gepleşikleri geçirildi. Gepleşiklerde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, eksporty ilerletmegiň, durnukly ykdysady gatnaşyklary pugtalandylmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝUNKTAD-yň 16-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň durnukly ykdysady ösüşine we daşary ykdysady gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça giňeldilmegine ýardam bermek maksady bilen halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy