DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň mejlisiniň işine gatnaşdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Allaberdi Aşirow Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Prezidiumynyň edara binasynda geçirilen Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan mejlisiniň işine gatnaşdy.

Mejlisiň işine Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Prezidenti, Akademiýanyň Prezidiumynyň agzalary, şeýle hem Türkiýäniň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Hytaýyň, Wýetnamyň, Italiýanyň, Bolgariýanyň, Çernogoriýanyň Ylymlar akademiýalarynyň we halkara ylmy guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti, akademik Isa Hebibbeýly bu duşuşygyň ylym ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň ösüşine, täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we berkidilmegine goşant goşjakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Prezidentini we işgärlerini Akademiýanyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen mähirli gutlap, häzirki wagtda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ylym, bilim we medeniýet ýaly ugurlarda yzygiderli ösýändigini belläp geçdi.

Iki ýurduň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň çäginde Magtymguly Pyragynyň köp sanly kitaplarynyň azerbaýjan diline terjime edilendigi, türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Nizami Genjewi adyndaky Edebiýat institutynda Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkeziniň açylandygy we birnäçe halkara ylmy maslahatlaryň geçirilendigini belledi.

Çäräniň dowamynda beýleki daşary ýurt döwletlerinden gelen myhmanlar hem çykyş etdiler. Olar Akademiýanyň işgärlerini we azerbaýjan alymlaryny bu şanly ýubileý bilen gutladylar hem-de ylym we täze tehnologiýalar babatynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gelejegini we ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy