2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Allaberdi Aşirow Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Prezidiumynyň edara binasynda geçirilen Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan mejlisiniň işine gatnaşdy.
Mejlisiň işine Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Prezidenti, Akademiýanyň Prezidiumynyň agzalary, şeýle hem Türkiýäniň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Hytaýyň, Wýetnamyň, Italiýanyň, Bolgariýanyň, Çernogoriýanyň Ylymlar akademiýalarynyň we halkara ylmy guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti, akademik Isa Hebibbeýly bu duşuşygyň ylym ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň ösüşine, täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we berkidilmegine goşant goşjakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Prezidentini we işgärlerini Akademiýanyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen mähirli gutlap, häzirki wagtda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ylym, bilim we medeniýet ýaly ugurlarda yzygiderli ösýändigini belläp geçdi.
Iki ýurduň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň çäginde Magtymguly Pyragynyň köp sanly kitaplarynyň azerbaýjan diline terjime edilendigi, türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Nizami Genjewi adyndaky Edebiýat institutynda Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkeziniň açylandygy we birnäçe halkara ylmy maslahatlaryň geçirilendigini belledi.
Çäräniň dowamynda beýleki daşary ýurt döwletlerinden gelen myhmanlar hem çykyş etdiler. Olar Akademiýanyň işgärlerini we azerbaýjan alymlaryny bu şanly ýubileý bilen gutladylar hem-de ylym we täze tehnologiýalar babatynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gelejegini we ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
