DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 3-6 noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy.

BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýanyň howandarlygynda geçirilen serginiň açylyş dabarasyna dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmenistan sergide öz milli pawilýony bilen çykyş etdi. Pawilýonda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyndaky gazananlary we mümkinçilikleri, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin maýa goýum mümkinçilikleri görkezildi. Sergi gatnaşyjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda bu ekspozisiýa uly gyzyklanma döretdi.

Serginiň çäklerinde türkmen wekiliýeti «ADNOC», «Dragon Oil», «Petronas», «Siemens Energy», «Baker Hughes», «Yug-Neftgaz» hem-de «Azizi Group» ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda nebitgaz we energetika ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alşyldy.

ADIPEC-2025 sergisine we maslahatyna Türkmenistanyň gatnaşmagy halkara energetika hyzmatdaşlygyny berkitmekde, ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerini dünýä ýaýmakda we iri halkara kompaniýalar bilen işewür gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri