DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti 4-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň (ADF 2025) işine gatnaşdy. Ýokary derejeli çäre Antalýa şäheriniň (Türkiýe Respublikasy) “Nest” kongresler merkezinde geçirildi. Forumyň şygary –“Böleklere bölünen dünýä diplomatiýanyň dolanmagy”.

Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara halkara hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri barada pikir alyşmaga mümkinçilik döreden birnäçe mowzuklaýyn bölümler guraldy.

H.Geldimyradow “Hyzmatdaşlyk, sanlylaşdyrma we ösüş” bölüminde eden çykyşynda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan we halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ähliumumy abadançylyga we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge uly goşant goşýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi Türkmenistanyň ähliumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň başlygy Türkmenistanyň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek we Çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny döretmek baradaky başlangyçlarynyň ähmiýetine gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

***

Diplomatik forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň (ÝÖK) Başlygy Erol Özwaryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň arşynda taraplar ylym we ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda Türkmenistanyň we Türkiýäniň bilim edaralarynda bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmäge ygrarly

Türkmenistan bilen Belarus medeni hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklar ösdüriler

Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Belarus oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy