JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Pezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini we Türkmenistanyň dostlukly halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara wekilçilikli forum bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň golaýda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Ýylyň başyndan bäri söwda dolanyşygy takmynan bir milliard dollara ýetdi. Şabat-Daşoguz serhetýaka söwda zolagy üstünlikli işleýär. Ýük daşamalarynyň möçberi, şol sanda Türkmenbaşy porty arkaly 30 göterim artdy. Ynsanperwer we sebitara alyş-çalyşlar işjeň dowam edýär.

Hökümetara toparynyň, Işewürler geňeşiniň we Sebitler forumynyň geljekki mejlislerinde söwda möçberlerini ep-esli artdyrmak, energiýa, oba hojalygy, ulag we beýleki pudaklarda bilelikdäki hyzmatdaşlyk taslamalaryny netijeli ösdürmek üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri