JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy

«Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Samarkantda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň giň ugurlarda, şol sanda oba hojalygynda, elektrik energetikasynda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we beýleki pudaklarda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Ulag we energetika geçelgelerini döretmäge, sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça möhüm meseleleri çözmek babatda alnyp barylýan bilelikdäki işlere aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu Sammitiň Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda has netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri