DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Owganystanyň ministrleriniň onlaýn duşuşygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary. daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki bilen wideo ulgam arkaly duşuşygy boldy. Bu barada Owganystanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Habar berlişine görä, wideo ulgam arkaly duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklary, diplomatik gatnaşyklary berkitmek, iri bilelikdäki taslamalar, hususan-da Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasynyň owgan böleginiň durmuşa geçirilişi babatda pikir alyşdy.

Muttaki iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada belläp, gatnaşyklaryň mäkäm binýatda alnyp barylýandygyny hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek we umumy bähbitleri ilerletmek üçin döredilen amatly mümkinçiliklere ýokary baha berdi.

Ol owgan hökümetiniň iri bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge ygrarly bolup galýandygyny belledi.

Türkmen tarapy hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasyny durmuşa geçirmek babatda oňyn ädimleriň ädilýändigini belläp, demirýol, söwda we üstaşyr gatnamalar babatda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri barada belledi.

Taraplar TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak, demirýol ulgamy ösdürmek, ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek, energiýa bilen üpjün etmek we ykdysayd hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda duşuşyklary we maslahatlaşmalary dowam etdirmek babatda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi

Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Ankarada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Türkmenistan daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekişdi

Türkmenistanyň we Türkiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň telefon söhbetdeşlikleri