Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.
Eýranyň “IRNA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Eýranyň daşary işler ministri Hoseýin Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti ykdysady hyzmatdaşlyuk boýunça türkmen-eýran bilelikdäki toparynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Tähran şäherinde geçirilen Owganystan boýunça maslahata hem gatnaşar. Bu maslahat Owganystana goňşy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.
Bu maslahata Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen bir hatarda Özbegistanyň, Täjigistanyň hem-de Pakistanyň daşary işler ministrleri gatnaşar. Russiýanyň hem-de Hytaýyň daşary işler ministrleri bolsa onlaýn tertibinde gatnaşar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň hem bu maslahata gatnaşmagyna garaşylýar. BMG-niň Baş sekretary Antanio Guterreş bolsa maslahatda wideoýüzlenme bilen çykyş eder.
Türkmen wekiliýeti bu saparyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirerler. Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Rostam Kasemi, nebit ministri Jawad Owji we beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşar. Bu duşuşyklarda nebitgaz, lukmançylyk, ulag, elem-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.