DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Eswatininiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri hanym Folile Şakantunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar.

Syýasy gepleşikleriň we ýokary derejeli gatnaşyklaryň iki ýurduň arasynda özara düşünişmegi we ynamy berkitmekde uly goşant goşýandygy nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp baýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eswatini Patyşasynyň arasynda geçirilen we ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna sebäp bolan, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerindäki duşuşyklar bellenilip geçildi.

Söhbetdeşler halkara düzümleriň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny guramak bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy