DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Alžiriň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň daşary işler, daşary ýurtlardaky milli jemgyýetçilik we Afrika işleri boýunça ministri Ahmed Attafyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça türkmen-alžir hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Iki döwletiň halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi.

Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine hem degip geçdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri