JEMGYÝET

Türkmenistanyň Watikandaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

7-nji dekabrda Keramatly Pýotryň Ybadathanasynda Türkmenistanyň Watikandaky täze bellenen Ilçisi W. Hajiýewiň ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Dabara Papa Fransiskiň ýüzlenmesinden başlanyp, onda ählumumy wehimleri ýeňip geçmekde diplomatiýanyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Rim Papasy Watikanyň «oňyn bitaraplyk» ýörelgesine ygrarlylygyny aýratyn belledi hem-de meseleleri çözmekde umydy we döredijilikli çemeleşmäni elden bermezlige çagyrdy.

Rim Papasy bilen gysga söhbetdeşligiň dowamynda Wepa Hajiýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýollan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Iki ýurduň bitaraplyk ýörelgesi esasynda daşary syýasaty durmuşa geçirmekdäki çemeleşmeleriniň meňzeşligi bellenildi.

Mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Papa Fransisk öz gezeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň adyna iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Şol gün Türkmenistanyň Ilçisi bilen Watikanyň Döwlet sekretary, kardinal Pýetro Paroliniň arasynda hem duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda syýasy we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär