MEDENIÝET

Türkmenistanyň Türkiýede gatnaşýan kinofestiwaly barada nämeleri bilmeli?

Ýakynda-da habar berşimiz ýaly, 8-nji noýabrda Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan şu ýyl ilkinji gezek geçirilýän «Beýogly medeni ýoly» festiwalynyň çäklerinde «Gorkut ata türk dünýäsi» film festiwaly geçiriler. Onda türkmen kinematograflary tarapyndan surata düşürilen «Nejep oglan» filiminiň hem görkeziljekdigini habar beripdik.

Filmler köpugurly festiwalyň bir şahasy bolar. Tutuş festiwalyň çäginde bolsa aýdym-saz, tans, folklor sungatlaryna, edebiýata bagyşlanan çäreler hem geçiriler. Festiwala 1000-den gowrak sungat adamlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

13 döwletden 42 film

Film festiwalynda bolsa 13 döwletden 42 film görkeziler. Oňa 100-den gowrak kinematograf gatnaşar.

Stambul şäherindäki «Atlas 1948» kinoteatrynda festiwalyň bosagasynda maslahat geçirildi. Oňa ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý hem gatnaşdy. Maslahatdan soň ministriň kömekçisi Ahmet Misbah Demijanyň metbugat wekillerine habar berşi ýaly, ozal film hepdeligini geçirmek meýilleşdirilýärdi. Ýöne oňa gatnaşmaga daşary ýurtlardan hem islegiň artmagy bilen, çäräni festiwal derejesinde giňeltmek kararyna gelindi.

Film bäsleşikleri geçiriler

Festiwalyň çäklerinde doly göwrümli filmleriň 8-siniň, telefilmleriň 9-synyň gatnaşmagynda bäsleşik hem geçiriler. 25 film bolsa bu bäsleşikden daşary görkeziler.

Bu festiwaly geljek ýylda Bursa şäherinde dowam etdirmek meýilleşdirilýär. Çünki Bursa 2022-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.

Festiwal nähili geçiriler?

Ýeri gelende aýtsak, «Gorkut ata Türk dünýäsi» film festiwalyny guramaga Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Halkara kino birleşigi, Türk Geňeşi, TÜRKSOÝ, TRT we Stambul uniwersiteti bilelikde gatnaşýar.

Oňa ýer eýelerinden we biziň ildeşlerimizden başga-da, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Wengriýanyň, Saha Respublikasynyň, Tatarystanyň, Gagauziýanyň, Eýranyň, Ukrainanyň we Demirgazyk Kipr türk döwletiniň kinematograflary gatnaşar.

Festiwalda bäsleşikden daşary hem köp sanly goşmaça çäreler geçiriler. Filmler 8 ― 12-nji noýabr aralygynda Stambul şäherindäki «Atlas 1948», «Emek» kinoteatrlarynda, Taryk Zafer Tunaýa medeniýet merkezinde, Stambul uniwersitetiniň aragatnaşyk fakultetiniň kinozalynda görkeziler. Kinosöýüjiler dürli halklaryň filmlerine tomaşa etmek üçin pul tölemeli bolmazlar.

Şeýle hem festiwalyň çäklerinde «Türk dünýäsiniň I kino maslahaty» geçiriler. Onda türki dilli döwletleriň arasynda umumy kinogaznasyny döretmegiň meselelerine serediler.

12-nji noýabrda Atatürk medeniýet merkezinde festiwala gatnaşyjylara baýraklar berler we bäsleşikleriň jemi jemlener.

Türkmen kinematograflarynyň hem gatnaşjak festiwaly barada has doly maglumatlary «www.korkutatafilmfestivali.com» salgysyndan alyp boljakdygyny habar berýäris.

 

Makron Merkeli ‘Legion d’Honneur’ nyÅŸany bilen sylaglady

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy