BIZNES

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

2025-nji ýylyň jemlerine görä, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasyna (SPЕKA) gatnaşýan döwletler bilen özara söwda dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende 15% artdy. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakow Aşgabadda geçirilen SPЕKA-nyň Ykdysady forumyndaky çykyşynda belledi.

«2025-nji ýylyň jemlerine görä, Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen söwda dolanyşygy döwletleriň köpüsi bilen artdy we umumylykda 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan gowrak boldy», – diýip, ministriň orunbasary belledi. Onuň bellemegine görä, oňyn ösüş Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlary bilen hem tassyklandy: ýurduň daşarky söwda dolanyşygynda sebit ýurtlarynyň paýy 2024-nji ýyldaky 9,6%-den 11%-e çenli ýokarlandy.

Ýalakow SPЕKA-nyň 2024–2025-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Aşgabadyň esasy tagallalarynyň gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendigini nygtady. Özara peýdaly ulag ugurlaryny ösdürmäge we söwda päsgelçiliklerini aradan aýyrmaga aýratyn üns berildi.

«Emeli gelen oňyn ösüş depgini geljekde gatnaşyklary has-da berkitmek üçin, şol sanda söwda akymlaryny giňeltmek, durnukly ulaglary höweslendirmek we sebitde ulag arabaglanyşygyny gowulandyrmak arkaly berk binýady döredýär», – diýip, Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň wekili belläp geçdi.

Ykdysady forum SPЕKA hepdeliginiň çäklerinde 21–22-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda geçirilýär. 1998-nji ýylda döredilen maksatnama Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistany birleşdirýär. Onuň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dünýä ykdysadyýetine integrasiýasyna ýardam bermek we sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekdir.

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkiýe 2026-njy ýylda Türkmenistandan gaz importyny täzeden dikeltmegi meýilleşdirýär