BIZNES

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

2026-njy ýylyň 17-19-njy martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum geçiriler.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň netijesinde hususy pudagyň kuwwaty yzygiderli artýar. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, hususy pudagy hemmetaraplaýyn goldamak we telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň senagat we telekeçilik ulgamy täze ösüş tapgyryna gadam basyp, milli öndürijileriň kuwwaty barha artýar.

Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde türkmen telekeçileriniň we senagatçylarynyň ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri, häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan taslamalary hem-de eksport mümkinçilikleri giňden görkeziler. Sergi ýerli öndürijileriň gazanan üstünliklerini açyp görkezmek bilen bir hatarda, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolar.

Sergi bilen utgaşykly geçiriljek halkara forum maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdiriler. Forumyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar we işewür gepleşikler geçiriler. Bu çäreler Türkmenistanyň telekeçilik we senagat ulgamynyň halkara giňişlikdäki ornuny has-da berkitmäge, ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine möhüm itergi berer.

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler