JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine resmi sapary meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Geçirilen telefon arkaly gepleşikleriň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlarynyň giň gerimi boýunça pikir alşyldy.

Ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti bellenilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy görkezijisiniň ýokary derejedäki gepleşikler bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine resmi saparynyň gurnalmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary işler ministrleri Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-katar Hökümetara toparynyň işiniň wajyplygyna aýratyn ünsi çekdiler we onuň üçünji mejlisini ýakyn wagtda geçirmek barada ylalaşdylar.

Syýasy-diplomatiki hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylary şu ýylyň güýzüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň we Kataryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň gurnalmagynyň zerurdygyny nygtadylar.

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri