BIZNES

Türkmenistanyň Prezidenti:elektron söwda we harytlary eltip bermegi ýola goýmaly

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, azyk harytlarynyň ýurdumyzda öndürilýän möçberlerini artdyrmagy dowam etmelidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz içerki bazary azyk harytlary we ilkinji nobatda zerur bolan harytlar bilen bolelin üpjün etmek, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, ähli ýerde elektron söwdany we harytlary eltip bermegi ýola goýmak, şonuň ýaly-da bazarlarda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri alyp barmak babatynda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň dokma we haly pudaklaryna köp möçberde maýa goýumlaryň goýulýandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň önümçiliginiň netijeli hem-de girdejili bolmagyny ýokarlandyrmalydygyny belledi.

Önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ýerlemegiň täze bazarlaryny we görnüşlerini gözlemek boýunça ähli zerur çäreler görülmelidir.

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çäreler dowam etdirilmelidir, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz hususy taraplara täze bazarlary we ýerlemegiň görnüşlerini gözlemekde goldaw berip, ýurdumyzda öndürilen önümleriň alyjylar bazarynda ýerlenýän möçberleriniň artdyrylmalydygyny aýtdy.

Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, söwda we telekeçilik ugurlaryna degişli pudaklarda sanly ulgamy toplumlaýyn ornaşdyrmak dowam etdirilmelidir.

Şunuň bilen birlikde, innowasion başlangyçlary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň, şol sanda elektron işewürligi, harytlary sanly ulgam arkaly eltip bermek boýunça hyzmatlary giňeltmegiň hasabyna işewürlik hem-de jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp, köpdürlüligini gazanmak boýunça tabşyryklar berildi.

Ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, sebitlerde we Aşgabat şäherinde ýerleşen bazarlary, söwda merkezlerini we dükanlary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, meýilnamalaýyn tertipde döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli görkezmeler berildi

 

 

“Google” söýgüliler gününi unutmady

Ýene-de okaň

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri