JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimany kabul etdi.

Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz bu dialogyň sebit derejesinde-de dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdança bolup durýandygyny aýdyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlary öz içine alýar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir. “Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýada şu ýylyň aprelinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Türkmenistan hem bu serginiň Ýaponiýada geçirilmegini goldap ses berdi. Serginiň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirmek bilen, biz ýörite guramaçylyk toparyny döretdik we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Akihisa Nagaşima Ýaponiýada Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň bu sergä gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler