JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýada saparda bolar

Şu gün hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy.

Soňky 15 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar ikitaraplaýyn ykdysayd hyzmatdaşlygyň netijelidigine şaýatlyk edýär. Gazhimiýany, elektrik energetikany, ulag ulgamy, suw hojalygyny strategik türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Osakada geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşmak üçin Ýaponiýa saparynyň 13-15-nji aprel aralygynda boljakdygyny belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Imperatory hem-de Premýer-ministri Işiba Şigeru bilen duşuşyklary bolar.

Ýene-de okaň

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri