JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini täze kitabyňyzyň çapdan çykmagy bilen gutlady

Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow!

Sizi «Hakyda göwheri» atly täze kitabyňyzyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilipdir. Ol bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek gymmatly eserdir.

Gahryman Arkadagymyz!

Baý many-mazmunly bu kitabyň dürli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine ynanýaryn. Mundan beýläk-de Siziň galamyňyz ýiti, döredijilik äleminde gadamyňyz dowamat-dowam bolsun! Täze kitabyňyzyň höwri köp bolsun! Size berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan beýik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-UNIDO:2026-2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip düzüler

Rabab Fatima Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokayr baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri