Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 106,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 126,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 107,5 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti, tebigy gazy çykarmak, olaryň eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmagy, gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.
