JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Daşkende bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşmak üçin, sapar bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine geldi.

Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow, Daşkent şäheriniň häkimi Ş.Umurzakow, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşkende saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy meýilleşdirilýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitinde çykyş edip, bu halkara guramanyň işi we sebit meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarydyr başlangyçlaryny beýan eder.

Ýeri gelende bellesek, 1985-nji ýylda Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan döredilen bu iri guramanyň agzalygyna 1992-nji ýylda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň hem-de Owganystanyň kabul edilmegi bilen, ol öz gerimini giňeldip, işini has-da ilerletdi. Guramanyň işiniň esasy maksatlary we ugurlary agza döwletleriň ykdysady, tehniki, medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, olaryň dünýä ykdysadyýetine yzygiderli utgaşygyny gazanmakdan, sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmakdan, şeýle-de ählumumy abadançylygy üpjün etmekden ybaratdyr.

Sammitiň jemleri boýunça möhüm resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler