JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine, ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, birek-birege hormat goýmagyň hakyky nusgasy bolan Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň ösüş depginini hem-de ýokary derejesini uly kanagatlanma bilen aýratyn bellemek isleýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putine we Hökümet Başlygy Mihail Mişustine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi