DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Maýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Moldowa Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine bu ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler gazanmagy arzuw etdi.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Moldowada prezident saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlaryň ikinji tpagyrynda ozalky hökümet baştutany Maýa Sandu ýeňiş gazandy. Onuň esasy bäsdeşi ýurduň ozalky Prezidenti Igor Dodon täzeden saýlanyp bilmedi.

Maýa Sandu sesleriň 57 göterimine eýe bolup, ýurduň ýokary döwlet wezipesine saýlandy. Ozal hem ýurduň prezidentligine dalaş eden Maýa Sandu ýurduň hökümetiniň düzüminde köp sanly jogapkärçilikli wezipelerde zähmet çekdi. Ol Bütindünýä bankynyň düzüminde hem işledi.

48 ýaşyndaky Maýa Sandu ýurduň ilkinji zenan döwlet Baştutanydyr.

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy