JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Imperator Naruhito bilen duşuşdy

Tokioda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň başynda Imperator Naruhito bilen şu ýylyň dowamynda ikinji gezek duşuşýandygyny aýdyp, şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Imperatory Osakada geçirilen «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyna kanagatlanma bildirilip, ýokary tehnologiýalar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, maglumat çözgütleri, durnukly ösüş ýaly ugurlarda özara gatnaşyklaryň has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi. Hususan-da, ekologik howpsuzlyk, «ýaşyl» energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologik tehnologiýalar ýaly ulgamlarda Ýaponiýanyň toplan tejribesiniň türkmen tarapynda aýratyn gyzyklanma döredýändigi aýdyldy. Şeýle-de taraplaryň ylym-bilim, medeniýet, ylmy we akademiki alyşmalar babatda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi