JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti halkara sport guramalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory Huseýn Al-Musallamy hem-de Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanini kabul etdi.

Myhmanlar Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň işjeň gatnaşyjysy bolup durýandygyny bellediler. 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde sporty ösdürmäge, Olimpiýa gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga ýardam berýändigini belläp, bu guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň sport babatda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri