JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew  bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini şanly seneler bilen gutläp, ýubileý ýyla gabatlanyp geçirilýän halkara forumynyň gün tertibiniň möhümdigini belledi.

“Gözel Aşgabada gelip görmek üçin çakylygyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Bu ýere her gezek gelenimizde, myhmansöýerlik, doganlyk we dostluk duýgularyny başdan geçirýäris. Ertirki forumyň öz maksatlaryna ýetjekdigine we halkara gatnaşyklarynyň taryhynda örän möhüm waka boljakdygyna ynanýaryn, sebäbi ol hakykatdanam iň möhüm meselelere: parahatçylyk, bitaraplyk we ynanyşmaga degişlidir. Häzirki zaman dünýäsinde hut şu zatlara zerurlyk bar” diýip, Kasym-Žomart Tokaýew nygtady.

Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Astana amala aşyran döwlet sapary mahalynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň amaly taraplaryna ünsi çekdiler.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti: “Siziň halkara foruma gatnaşmagyňyz parahatçylygy, ynamy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ygrarlylygyňyzyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin çakylygy kabul edendigiňiz üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Şu gün sizi türkmen topragynda görmek biziň üçin uly hormatdyr” – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Döwlet Baştutanlary özara söwdany mundan beýläk artdyrmagyň, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de energetika, ulag, logistika we oba hojalyk pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi