JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtap, ýakynda Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri