JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün ― 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk güni giňden bellenilýär. Şu mynasybetli irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda binanyň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr daşary ýurtly myhmanlar, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gül goýmak dabarasyny dowam etdirdiler.

Baş baýramymyzyň şanyna her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen bu waka türkmenistanlylaryň ýokary watansöýüjilik duýgularynyň, iň uly gymmatlyk hasaplanýan döwletimiziň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna sarpanyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

 

Related posts

Türkmen Lideri’nden Ruhani ’ye Tebrik Mesajı

vepa

2018-2030 yılları için Su Geliştirme Programı hazırlanacak

vepa

XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak

vepa

Leave a Comment