DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranda saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolar. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Said Hatibzade habar berdi.

ISNA habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu 2 günlük resmi saparyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaş’lyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti goňşy ýurda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň çakylygy boýunça resmi saparyny amala aşyrar. Türkmenistanyň Prezidentini ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli ilkinjileriň hatarynda gutlan Prezident Raisi Türkmenistanyň Eýranyň goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun degişlidigini belläpdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylýar. Bu tebigy gaz alyş-çalyş möçberini 2 esse artdyrmak göz öňünde tutulýar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy