JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Bakudaky Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitine gatnaşýar

Şu gun irden Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine sapar bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk Hereketiniň  COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşýar.

Azerbaýjanyň resmi habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Azerbaýjan Respublikasynyň ýolbaşçylygynda geçirilýän sammite gurama agza döwletleriň 70-sinden döwlet we hökümet baştutanlary, 5 ýurduň Prezidenti – Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Bosniýa-Gersegowinanyň, Yragyň, Liwiýanyň, 3 ýurduň wise-prezidenti – Kubanyň, Gabonyň we Tanzaiýanyň, şol sanda Alžiriň we Keniýanyň Premýer-ministrleri gatnaşýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň başlygy Çaba Kereşi, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň baş sekretary Zurab Pololikaşwili, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň baş direktory Antonio Witorino, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň baş direktory Tatýana Walowaýa, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Husraw Noziri we beýleki ençeme halkara hem-de sebit guramalaryň wekilleri hem bu sammite çagyryldy.

Goşulyşmazlyk Hereketiniň  COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammiti dünýäde uly kynçylyklary döreden koronawirus ýokanjyna garşy göreş we bu ugurda alnyp barlan işlere syn berilýär.

Umuman, bu samite 160 döwletden wekiliýet gatnaşýar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek meýilleşdirilýär. Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşarlar.

Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­dan soň ulu­ly­gy bo­ýun­ça ikin­ji orun­da dur­ýan hal­ka­ra gu­ra­ma bo­lup, ol 1961-nji ýyl­da Belg­rad kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň ne­ti­je­sin­de dö­re­dil­di. 2011-nji ýy­lyň maý aýyn­dan bä­ri gu­ra­ma­nyň dü­zü­mi­ne 120 döw­let ag­za­dyr. Ola­ryň 37-si Azia­nyň, 53-si Af­ri­ka­nyň, 26-sy Ame­ri­ka­nyň hem-de 3-si Okea­ni­ýa­nyň ýurt­la­ry­dyr. 17 döw­let hem-de 10 hal­ka­ra gu­ra­ma Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­niň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki mej­lis­le­ri­ne syn­çy hök­mün­de gat­naş­ýar.
Türk­me­nis­tan 1995-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Ko­lum­bi­ýa­nyň Kar­ta­he­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­niň XI sam­mi­tin­de bu gu­ra­ma ag­za bol­dy. Türk­me­nis­tan bu gu­ra­ma­da iş­jeň he­re­ket ed­ýär.

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (28-sany)

“Azertag”: Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjan sapary türkmen metbugatynda

Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Liderine “Dostluk” atly garabag bedewini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Geýdar Aliýew merkezine we haly muzeýine baryp gördi