JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekillerini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskolly hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gory kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ABŞ bilen syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň noýabrynda «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin Waşington şäherine amala aşyran saparyny we onuň çäklerinde Prezident Donald Tramp bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu formatdaky hyzmatdaşlyk howpsuzlyk, ykdysady, howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli binýada öwrüldi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Söhbetdeşler syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň meselelerine degip geçip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyna ünsi çekdiler. Bu bolsa durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Söwda-ykdysady ulgam iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde iri amerikan kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işde Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň uly goşandy bellenildi.

Ýene-de okaň

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady