DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we  Doly ygtyýarly Ilçisi Abuhijleh Rananyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi  hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady  özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň sebitde we dünýäde  parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň binýadyny berkitmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Palestina döwletine iberilen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlygyny bildirdi we bu kömegiň palestin halkyna diňe bir goldaw bolman, eýsem halklaryň arasyndaky dostlugyň, ynanyşmagyň aýdyň beýany hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

Taraplar Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdyrlar. Şeýle hem syýasy-diplomatik, parlamentara we ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.

Şunuň bilen birlikde parlamentara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak bellenildi. Bu başlangyjyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşmagyna hem-de hyzmatdaşlygyň giň gerim bilen ösdürilmegine ýardam etjekdigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy