DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy.

Maslahatda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň, «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil ‒ Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.

Şeýle hem maslahatda «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi.

Maşlahatda kabul edilen resminamalar kazyýet ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmakda, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan berkitmekde, ykdysady we administratiw hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller bilen bagly kadalary kämilleşdirmekde hem-de raýatlaryň, şol sanda çagalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, maşgala mukaddesligini goramakda, awtomobil ulagy çygrynda hereket edýän degişli edaralaryň işlerini düzgünleşdirmekde, ýurdumyzda migrasiýa syýasatynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem döwletimiziň kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýardam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Horwatiýanyň daşary daşary we ýewropa işleri ministri bilen duşuşdy

Gaýtadan dikeldilýän energiýa näme?

Merkezi Aziýa döwletleri bilelikde teleýaýlym dörederler

Konsullyk meseleleri boýunça daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-gazak geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň dostluk oýunlary geçirilýär

“Merkezi Aziýa – Hytaý” döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammiti ara alnyp maslahatlaşyldy