JEMGYÝET

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylary wezipä bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

  • Gyzylgül Baýramdurdyýewna Ýegenmämmedowa – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesine bellendi we ol şol kazyýetiň preziudymynyň düzümine girizildi, şeýle hem ol Aşgabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
  • Arazgylyç Nazarow – Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.
  • Hajymämmet Nurlyýewiç Nuryýew – Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ol Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
  • Jumamyrat Çaryýewiç Açilow – Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi we ol Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
  • Maksatmyrat Annagulyýewiç Myradow – Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine bellendi we ol Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
  • Bahar Geldimyradowna Berdiýewa – Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellendi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi.
  • Gülşat Annagurbanowna Salakowa – Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellendi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi.

 

Ýene-de okaň

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy