DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri M.Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen diplomaty M.Boçorişwilini Gruziýanyň Daşary işler ministri wezipesine bellenmegi bilen gutlady we oňa döwlet ähmiýetli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn häsiýete eýedigini belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň möhüm ornunyň bardygy beýan edildi. Iki ýurduň iri halkara guramalarynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyň dogrusynda hem aýratyn durulyp geçildi.

Ilçi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen Rezolýusiýa esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek uly gerimdäki halkara çäreler barada Ministr M.Boçorişwilä habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbitleri üçin mundan beýläk-de ösjekdigine we berkejekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň resmi däl duşuşygy

Belarusda prezident saýlawlary geçirilýär

Türkmenistanyň Nepaldaky Ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

ABŞ-nyň goranmak ministri Pit Hegset boldy

Gruziýada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly badalga aldy

«Alawly türkmen» hususy kärhanasy täze ýaşaýyş jaýlaryny gurdy