BIZNES

Türkmenistanyň himiýa pudagy üçin täze önümçilikler gurlar

Dubaý şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda Türkmenistanyň himiýa pudagynda göz öňünde tutulýan giň möçberli taslamalar barada maglumatlar berildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň ýolbaşçysy N.Nyýazlyýew çykyşynda Türkmenistanyň diňe bir tebigy gaz gorlary bilen däl, eýsem peýdaly gazylyp alynýan magdanlarynyň gory bilen hem uly meşhurlykdan peýdalanýandygyny belledi.

Türkmenistan kaliý duzlarynyň hem uly gorlaryna eýe ýurt. Garlyk, Garabil we Týubegatan ýataklarynda kaliý duzlarynyň uly gory bar. Ol Türkmenistanyň günorta-gündogarynda Lebap welaýatynyň çäklerinde ýerleşýär. Olaryň umumy gory, deslapky maglumatlara görä, 2 milliard tonnadan gowrak kaliý magdanlaryna deňdir.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni Garlyk ýatagyny özleşdirmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Geljekde Garabil ýataklaryny hem özleşdirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Türkmenistan Garabogazköl aýlagynda gidromineral çig mallara hem baýdyr. Bu ýerde ýod-bromly suwlar bolup, ondan dürli minerallary öndürmek bolýar.

Geljekde himiýa pudagynda dürli iri möçberli taslamalary, hususan-da, ýod we brom önümçilik desgalaryny gurmak maksat edinilýär.

Bu babatda ýyllyk kuwwaty 750 tonna ýod önümçilik hem-de ýyllyk kuwwaty 9850 tonna barabar bolan brom önümçilik desgalary göz öňünde tutulýar. Bu taslamalary daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär

Türkmenistan Azerbaýjanyň iň iri gaz üpjünçisi bolmagynda galýar

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar