2024-nji ýylyň 18-19-njy noýabry | Aşgabat, Türkmenistan – Transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanda guramaçylykly jenaýatyň öňüni almakda we howpsuz jemgyýetleri döretmekde ýaşlaryň ornuna bagyşlanan iki günlük çäre geçirildi. “Ýaşlaryň guramaçylykly jenaýatyň öňüni almaga gatnaşmagy” atly çäre ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” (SMICA) Maksatnamasy tarapyndan BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdirligi (UNODC) hem-de birnäçe ýerli we halkara hyzmatdaşlaryň goldawy bilen guraldy.
18-nji noýabr – Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde 11-12-nji synp okuwçylary üçin ýörite çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda ýaşlara adam söwdasynyň we guramaçylykly jenaýatyň töwekgelçilikleri barada maglumat berildi.
19-njy noýabr – Ikinji gün jemgyýetçilik çäresi geçirildi, onda 100-den gowrak adam, şol sanda talyplar, meýletinçiler we Sebitleýin ýaşlar ulgamynyň agzalary gatnaşdy. Çäräniň maksady, ýaşlaryň guramaçylykly jenaýatyň we adam söwdasynyň öňüni almakda jemgyýetlerini güýçlendirmekdäki ornuny giňeltmekden ybaratdy.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rudd açylyş çykyşynda habarly we işjeň ýaşlaryň durnukly jemgyýetleri gurmakdaky möhüm ornuna ünsi çekip, şeýle diýdi: “Ýaşlar Türkmenistanyň has howpsuz geljegini döretmekde esasy hyzmatdaşlarydyr.” “Ol, gatnaşyjylary öz jemgyýetlerini goramaga we beýlekilere mysal bolmaga çagyryp, USAID-niň ýaşlary goldamaga bolan ygrarlylygyny nygtady. SMICA, adam söwdasynyň öňüni almak boýunça ýaşlar üçin alyp baran işleri barada gürrüň berdi we olara özlerini goramak hem-de jemgyýetlerinde habarlylygy artdyrmak üçin zerur maglumatlary we guralary paýlaşdy.
Bu başlangyç Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Baş prokuraturasy ýaly milli hyzmatdaşlaryň goldawy bilen guraldy. Iki günüň dpwamynda dürli çäreler, şol sanda Milli ýaşlar bäsleşigi we türkmen, rus, iňlis dillerinde interaktiw çekişmeler geçirildi. Şeýle hem ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýaşlaryň jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmak we guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek boýunça günlük hereketleriniň möhümdigini düşündirdi. Skechers, Dap, Ish Nokady we Atavatan ýaly hususy hemaýatkärler iň işjeň gatnaşyjylar üçin gymmatly sowgatlary hödürledi.
Bu iki çäre-de döwlet, hususy we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki işiniň, şeýle hem ýaşlaryň höwesiniň, howpsuz we durnukly jemgyýetleri döretmekdäki ähmiýetini açyk görkezdi. Çäräniň gatnaşyjylary, Türkmenistany has howpsuz we gülläp ösýän geljege ýetirmek üçin täze pikirler we ylham bilen çäreden çykdylar.
Bu çäreleriň ikisi hem döwlet, hususy we jemgyýetçilik guramalarynyň hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de ýaşlaryň iişjeň gatnaşmagynyň howpsuz we durnukly jemgyýetleri döretmekdäki ähmiýetini açyk görkezdi. Çäräniň gatnaşyjylary, Türkmenistany has howpsuz we gülläp ösýän geljege alyp barmak üçin täze pikirler we ylham aldylar.