Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýýär. Şondan ugur alyp, eziz Diýarymyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasy strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Şunda döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan syýasy-diplomatik ulgamda gatnaşyklary yzygiderli alyp barmaga uly ähmiýet berilýär.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyz halkara durmuşa işjeň gatnaşýar we netijeli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Kararnamalar, şol sanda «Halkara parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe goldaw bermekde we berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalar biragyzdan goldanyldy. Şeýlelikde, soňky ýyllarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan yzygiderli çäreler parahatçylyk diplomatiýasynyň we özara hormat goýmagyň ilerlemegine, köptaraplaýyn halkara dialogyň diplomatik akyma ugrukdyrylmagyna möhüm goşant boldy. Häzirki wagtda bu giň möçberli işler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde üstünlikli dowam etdirilýär.
Abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, ykdysadyýet we durmuş ulgamy, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Golaýda, BMG-niň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Gurama agza döwletleriň biragyz bolup goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu halkara resminama ýurdumyzyň durnukly ulag ulgamyny kemala getirmekde durmuşa geçirýän umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr.
Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Şoňa görä-de, BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmeginde — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek guralan ähliumumy maslahatyň geçirilen senesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy esasynda bitirilen işler, gazanylan ylalaşyklar, kabul edilen çözgütler şu günümiziň we geljegimiziň beýikdigini ýene bir gezek ykrar edýär.
Nurmyrat Zülpiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.