JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranda saparda bolýar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.

Bir sagat gowrak wagtdan soň, Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary Tähran şäheriniň iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy.

Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy EYR-nyň resmi adamlary hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Bu ýerde Halk Maslahatynyň Başlygy EYR-nyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns berilýändigini belledi.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler.

Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamynda iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagynda, şeýle hem özara düşünişmek esasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin zerur tagallalaryň ediljekdigi bellenildi hem-de köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär