JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranda saparda bolar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iberen gutlag hatynda bellenilip geçilýär. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Hususan-da, bu hatda şeýle diýilýär:

– Iki döwletiň arasynda halkara we ikitaraplaýyn görnüşlerdäki hyzmatdaşlygy, hususan-da üstaşyr ibermek, su we energetika ulgamlardaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän tutanýerli orny üçin hoşallygymy beýan edýärin. Ýaňy-ýakynda Eýran Ysalm Respublikasynyň üsti bilen geçirilýän gazyň mukdarynyň köpeldilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Ýakynda wagtda Siziň Eýran Ysalm Respublikasyna boljak saparyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan we bu saparyň dowamynda Tähranda geçiriljek duşuşykda syýasy, ykdysady we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşjakdygymyzy umyt edýärin.

Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisä iberen hatynda öňde duran saparyň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we köp ugurly hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda möhüm tapgyr boljakdygyna berk ynanýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy