JEMGYÝET

Türkmenistanyň günbatarynda nebitiň çykarylyşyny 10,6 mln tonna ýetiriler

Türkmenistan ýerasty uglewodorod çig malynyň örän uly gorlaryna eýedir. Iri uglewodorod ýataklarynyň mekany hasaplanýan Hazar ýalpaklygy we tutuş Günbatar Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek wezipesi indi köp ýyllaryň dowamynda ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň günbatar sebitiniň, ýagny Balkan welaýatynyň uglewodorod ýangyjyna baý ýataklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, 2025-nji ýyla çenli gaz kondensatly nebitiň çykarylyşyny 10,6 mln tonna, tebigy gazyň çykarylyşyny 11,0 mlrd, m3 ýetirmek bellenildi.

Şeýle-de ylmyň soňky gazanan öndürijilikli innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyryp, 2025-nji ýyla çenli Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda awtomobil benzinini 29 göterim, dizel ýangyjyny 20,4 göterim, çalgy ýaglaryny bolsa 3 esseden artyk öndürmek meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň uglewodorod baýlyklarynyň aglaba bölegi-de Balkan welaýatynyň paýyna düşýär. Türkmenistanda bar bolan 40-dan gowrak nebit ýataklarynyň ählisi diýen ýaly bu sebitde ýerleşýär. Hasaplamalarda sebitde nebiti we gazy gazyp çykarmagyň geljegine ýokary baha berilýär.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler