BIZNES

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergini hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärelere gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň 70-e golaýy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär.

Foruma türkmen tarapyndan degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmäge we telekeçilik işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler