BIZNES

Türkmenistanyň gatnaşmagynda täze ulag geçelgesi dörediler

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde Russiýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda täze ulag geçelgesini döretmek babatda gepleşikler geçirilýär. 4 ýurduň gatnaşmagynda – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Russiýa multimodal ulag geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär.

Rus metbugatynyň habaryna görä, taraplar Hazar deňzi boýunça yzygiderli gämi gatnawlayrny ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Astrahan oblastynyň hökümetiniň wekili Denis Afanasew yzygiderli deňiz daşamalary oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.

Onuň aýtmagyna görä, bu täze ulag geçelgesiniň guryýer bölegi Gyrgyz Respublikasyndna başlap, Özbegistanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty arkaly Russiýa çenli baryp ýeter. Soňra ýükler Russiýanyň portlaryndan ýaýradylar.

Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikaisýa ministrliginiň awtomobil we demirýol ulaglary müdirliginiň müdiri Adylbek Akmatow bu geçelgäniň döredilmegine Gyrgyz Respublikasynyň örän uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Şeýle hem ol Hazar deňzinde parom gatnawlarynyň sanynyň artdyrylmagynyň möhüm bolup durýandygyny mälim edip, bir gije-gündiziň dowamynda 50 awtoulag serişdesini üpjün etmek mümkinçiligine eýediklerini aýtdy.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow öz gezeginde Türkmenistanyň Hökümetiniň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belläp, Astrahan-Türkmenbaşy ugry boýunça ýük akymynyň artdyrylmagy babatda gämi gatnaw kompaniýalaryny çekmäge we Türkmenbaşy porty boýunça ýeňillikli hzymatlary hödürlemäge taýýardyklaryny mälim etdi.

2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Astrahan oblasty Olýa portunda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek babatda ylalaşypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy