SPORT

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň prezidenti bilen duşuşdy

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän ýeri bolan Doha şäherine iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy. Bu barada Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Ikitaraplaýyn geçirilen gepleşigiň dowamynda taraplar ýurdumyzda futboly ösdürmek babatynda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda FIFA-nyň prezidenti Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna dünýä çempionaty – 2022-niň resmi topuny sowgat berdi. Şeýle-de, ol türkmen futbolunyň pajarlap ösmegini arzuw edip, golaý geljekde Türkmenistana iş sapary bilen gelmekçidigini aýdyp geçdi.

Ýeri gelende bellesek, J.Infantino Arslan Aýnazarowy şu ýylyň 20-nji noýabrynda geçiriljek dünýä çempionatynyň açylyş oýnuna tomaşa etmäge çagyrdy. Kataryň El-Haur şäheriniň “Al-Beýt” stadionynda geçiriljek açylyş oýnunda Kataryň hem-de Ekwadoryň milli ýygyndylarynyň duşuşýandyklaryny ýatladýarys.

A.Aýnazarow öz gezeginde FIFA-nyň prezidentine ýokary derejede kabul edendigine minnetdarlyk bildirip, gelejekde FIFA bilen Türkmenistanda futboly ösdürmekde hyzmatdaşlygy saklajadyklaryny aýdyp geçdi.

Şeýle-de, A.Aýnazarow hormatly prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde futbola hem ýokary derejede üns berilýändigini belläp geçdi.

Ýeri gelende bellesek, 1992-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 1994-nji ýylda FIFA agza hökmünde kabul edildi.

Ýene-de okaň

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary