Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi. Bu barada Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
- Geçirilen ses berlişigiň netijesinde “Köpetdag” toparynyň oýunçysy Begenç Akmämmedow “Iň ökde oýunçy” diýlip yglan edildi.
- Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsüminde garşydaşlarynyň derwezesinden 27 top geçiren Didar Durdyýew (“Ahal”) iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýelemegi başardy.
- “Iň ökde tälimçi” diýlip, “Ahalyň” tälimçisi Mergen Orazow saýlanyldy. Geçen möwsümde Mergeniň tälimçiligindäki “Ahal” taryhynda birinji gezek futbol çempionatymyzy ýeňiş bilen tamamlady. Şeýle-de, bu hünärmeniň ýolbaşçylygynda “Ahal” ýurdumyzyň Kubogyna hem mynasyp boldy.
- Bu toparyň derwezeçisi Rasul Çaryýew geçen möwsümiň “Iň ökde derwezeçisi” ugrunda öňe saýlandy.
- Geçen möwsümiň dowamynda wajyp duşuşyklaryň birnäçesinde eminlik eden Resul Mämmedow “Iň ökde emin” diýlip yglan edildi.
- Çempionatyň dowamynda “Adalatly oýun görkezen topar” ugrundaky baýraga “Merw” topary mynasyp boldy.
Şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi hem seçilip alyndy.
Birinji düzüm: Rasul Çaryýew (“Ahal”) – derwezeçi; Mekan Saparow, (“Altyn Asyr”), Abdy Bäşimow, Şöhrat Söýünow, Ata Geldiýew (hemmesi “Ahal”) – goragçylar; Mirza Beknazarow, Arslanmyrat Amanow (ikisi-de “Ahal”), Ahmet Ataýew, Altymyrat Annadurdyýew (ikisi-de “Altyn Asyr”) – ýarym goragçylar; Didar Durdyýew (“Ahal”), Begenç Akmämmedow (“Köpetdag”) – hüjümçiler.
Ikinji düzüm: Mämmet Orazmämmedow ( “Altyn Asyr”) – derwezeçi, Zafar Babajanow, Yhlas Toýjanow (ikisi-de “Altyn Asyr”), Serdar Baýramow (“Köpetdag”), Ybraýym Mämmedow (“Ahal”) – goragçylar; Ilýa Tamurkin, Elman Tagaýew (ikisi-de, “Ahal”), Mekan Aşyrow (“Şagadam”) , Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”) – ýarym goragçylar; Alibek Abdyrahmanow (“Merw”), Kerim Hojaberdiýew (Şagadam”) – hüjümçiler.